«Salam, dünýä!»: syýasy-ykdysady gözýetim

SalamNews

18 Maý, 2023

Saparyny goýbolsun etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Awstraliýa, Papua Täze Gwineýa ýaly döwletlerine saparyny goýbolsun etdi. Maglumatlara görä, Prezident ýurduň bergisiniň çägini ýokarlandyrmak bilen meselede Kongres bilen ylalaşmaga ýetişmeli. Gepleşikleriň şowsuz tamamlanmagy ýurduň döwlet edaralarynyň işini togtadyp biler.

ABŞ-a goşulmak isleýär

Kanadanyň Alberta welaýatyndaky topar Kanadadan aýrylyp, ABŞ-nyň 51-nji ştatyna öwrülmegi teklip edýärler. Olar welaýatyň ýaşaýjylarynyň arasynda bu pikirlerini wagyz edýärler. Olaryň pikiriçe, Alberta hakyky ösüşine ABŞ-nyň düzüminde eýe bolar. «Research Co.» kompaniýasynyň geçiren seslenmelerine görä, ştatyň ýaşaýjylarynyň 5-den bir bölegi ABŞ-a goşulmaga garşy däl.

Taýwana bardy

Beýik Britaniýanyň öňki Premýer-ministri Liz Tras sapar bilen Taýwana bardy. Taýbeý şäherinde çykyş eden Premýer-ministr Beýik Britaniýanyň ada hemişe goldaw berjekdigini aýtdy. Şeýle-de Liz Tras häzirki Premýer Rişi Sunakdan Hytaýa garşy göreşi güýçlendirmegi we ada ýakyndan goldaw bermegi teklip etdi.

12 aýdan soň kadalaşar

Dünýäniň iň ussat işewürleriniň biri hasaplanýan Ilon Mask geljekki 12 aýyň çylşyrymly boljakdygyny belledi. Onuň pikiriçe, birnäçe kompaniýalaryň batmagynyň ähtimallygy bar. Bu kynçylyklaryň «Tesla» hem ýaramaz täsir etmeginiň ähtimallygy nygtalýar. Şu 12 aýy ýeňip geçen kompaniýalar geljekki aýlarda ýagdaýyň kadalaşandygyny görerler. Dünýä ykdysadyýeti hem şondan soň durnukly öser.

Sygyrlar nemes mejlisinde

Germaniaýda ekologiýa abadançylygy ugrunda çykyş edýän «Grinpis» guramasynyň agzalary ýurduň parlamentiniň — Bundestagyň öňündäki meýdança sygyr sürüsini eltdiler. Bu çäre bilen guramanyň agzalary jandarlaryň ýaşaýşynyň tebigy zolaklarynyň azalýandygyna üns çekmek isläpdirler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews