Salam, dünýä!: syýasy-ykdysady gözýetim

SalamNews

28 Maý, 2023

Bäsdeşlik güýçlenýär

Birnäçe ýyla dowam eden barlaglardan we ylmy gözleglerden soňra raýat awiasiýasyna degişli ilkinji hytaý uçary uçuşyny amala aşyrdy. «C919» uçarynyň ilkinji eýesi «China Eastern Airlines» awiakompaniýasy boldy. Uçarda jemi 164 adam üçin orun bar. Ol 5555 km ýol geçmäge ukyply. Bu görkezijiler bilen «C919» «Airbus» we «Boeing» kompaniýalarynyň uçarlaryna bäsdeş bolar.

Jerime tölär

Singapuryň kazyýeti Şweýsariýanyň «Credit Suisse» bankynyň milliarderi we Gruziýanyň öňki Premýer-ministri Bidzina Iwanişwilä 926 million amerikan dollary möçberinde jerime tölemelidigini yglan etdi. Maglumatlara görä, bankyň nädogry hereketleri öňki Premýeriň emläginiň bir bölegini ýitirmegine getiripdir.

Nobatdaky üstünlik

«Falcon 9» raketasy ýene-de bir gezek Ýeriň orbitasyna birnäçe emeli hemralary çykarmagy başardy. Bu gezek kompaniýa arap operatory «Arabsat» kompaniýasynyň «BADR-8» telekommunikasiýasy emeli hemrasyny barmaly nokadyna üstünlikli eltdi. Emeli hemra Ýewropada, Ýakyn Gündogarda, Afrikada we Merkezi Aziýada aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürlär. Emeli hemranyň agramy 4,5 tonna barabar.

Ýakyn wagtlarda ylalaşarlar

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden we Kongressiň ýolbaşçysy Kewin Makkartni ABŞ-nyň bergi çägini ýokarlandyrmak barada ylalaşmaga ýakyn geldiler. Şeýle-de Prezident ýurduň bergisini azaltmak üçin birnäçe taslamalary ýatyrjakdygyny beýan edipdir.

Moldawiýa kömek berer

Bütindünýä banky Moldawiýa döwletine 134 million amerikan dollary möçberinde kömek pul bermegi tassyklady. Bu kömek pul Moldawiýa ykdysady krizisden çykmaga kömek eder. Ýatlatsak, häzirki wagtda Moldawiýanyň ykdysadyýeti pandemiýa hem-de ykdysady çökgünlik sebäpli kynçylyklary başyndan geçirýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews