«Salam, dünýä!»: syýasy-ykdysady gözýetim

SalamNews

9 Iýun, 2023

70 ýyl dolýar

«Gucci» kompaniýasynyň meşhur mokasinalarynyň döredilenine şu ýyl 70 ýyl dolýar. Bu ajaýyp köwüşleriň 1953-nji ýylda döredilendigi bellenilýär. Ony ABŞ-da barjamlylygyň we abraýyň nyşany hasaplaýarlar. Ýurduň Prezidentleriniň arasynda hem ony «çykarman» geýýän liderleriň bardygy bellenilýär. Oňa mysal hökmünde, 2001 — 2008-nji ýyllarda ýurda Prezidentlik eden Jorj Buşy mysal getirip bolar.

Täsin et

Kaliforniýanyň «Eat Just» kompaniýasy laboratoriýa ýagdaýynda arassa we ýaşyl et taýýarlandygy bilen meşhurlyk gazandy. Bu ulgama milliardlarça amerikan dollarynyň maýa goýulýandygy nygtalýar. Ilkinji gezek 2013-nji ýylda emeli etli burger satuwa çykarylypdy. Onuň bahasynyň 330 müň amerikan dollaryna deňdigi bellenilýär. Emma häzirki wagtda kompaniýanyň öz harydyny diňe Singapurda satmaga hukuk gazanandygy nygtalýar.

Işgärlerini azaldýar

«Disney» kompaniýasyna degişli bolan «Pixar Animation Studios» 75 adamy işden boşatdy. 10 ýyl bäri kompaniýanyň işgärlerini azaltmandygy bellenilýär. Işden boşadylanlaryň arasynda «Baz Laýter» multfilmini döredenleriň bardygy hem nygtalýar.

Iň uzyn aýdym

Hindi ýazyjysy Jagadiş Pillai Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy. Ol taryhdaky iň uzyn aýdymy ýazypdyr. «Ramaçaritamanasa» poemasynyň esasynda taýýarlanan aýdymyň 138 sagat 41 minut we 20 sekunt — 6 gün töweregi dowam edýändigi nygtalýar.

Ýakyn wagtlarda duşuşarlar

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko ýakyn wagtlarda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşjakdygyny mälim etdi. Ol bu barada: «Ýakyn wagtlarda biz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşarys» diýip pikirlerini paýlaşdy. Lukaşenko Putin bilen wajyp syýasy-ykdysady meseleleri çözmek üçin gepleşikleri geçirjekdigini beýan etdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews