Messi MLS-de aprel aýynyň iň ökde oýunçysy boldy

SalamNews

3 Maý, 2024

1

Amerikanyň milli futbol çempionaty MLS-de «Inter Maýami» toparynyň super ýyldyzy Lionel Messi aprel aýynyň iň ökde futbolçysy diýlip yglan edildi.

36 ýaşyndaky argentinaly futbolçy geçen aprel aýynda toparynyň geçiren 4 duşuşygynda 10 gola gönümel goşant etdi. Ol 6 gol geçirip, 4 goluň pasyny berdi. Şol oýunlarda «Inter Maýami» 3 gezek ýeňiş gazanyp, 1 sapar deňme-deň oýnady. «Inter Maýami» topary häzirki wagtda 11 oýunda 21 utuk toplap, Gündogar Konferensiýasynda, şol sanda MLS-iň umumy sanawynda hem 1-nji orunda barýar.  

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews