Messi karýerasyny Ýewropada dowam etdirmek islemeýär

SalamNews

9 Noýabr, 2023

Demirgazyk Amerikanyň ligasynyň — MLS-iň «Inter Maýami» klubunyň argentinaly ýyldyzy Lionel Messi «Köne Dünýäniň» toparlaryna dolanmak meýliniň ýokdugyny mälim etdi.   

«Men Ýewropada gaýtalanmajak karýeramy döretdim we arzuw edýän zatlarymyň ählisini gazandym» — diýip, belleýän Messiniň bu sözlerini «L’Équipé» neşiri futbol jemgyýetçiligine ýetirdi.

Messi karýerasyny Amerikanyň futbolçysy hökmünde jemlemek isleýändigini hem janköýerlere ýetirdi.

30-njy oktýabrda «Inter Maýaminiň» oýunçysy karýerasynda sekizinji gezek «Altyn top» baýragyna eýe çykdy. Zehinli futbolçy klubdaky üstünlikleriniň aglabasyna 2021-nji ýyla çenli Katalonyň «Barselonasynyň» düzüminde ýetipdi. Ol bu toparyň düzüminde 10 gezek Ispaniýanyň, 4 gezek bolsa UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy. Mundan başga-da, Ispaniýanyň Kubogyny hem-de UEFA-nyň Superkubogyny eýeledi.    

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews