«Merw» — «Rawşan» hem-de «Altyn Asyr» — «Abdyş-Ata» duşuşyklary: petekleri satyn almaga howlugyň!

SalamNews

27 Noýabr, 2023

Türkmenistanly janköýerlere ajaýyp futbol duşuşyklary garaşýar.

«Altyn Asyr» hem-de «Merwiň» 2023/24-nji ýyllaryň futbol möwsüminde AFK-nyň Kubogynyň toparçadaky böleginde geçirjek duşuşyklary futbol muşdaklarynyň ählisiniň üns merkezinden ornuny tapar. Şol gün «Merw» Täjigistanyň «Rawşan» toparyny kabul eder. «Altyn Asyr» bolsa Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» topary bilen duşuşar. Häzirki wagtda bu duşuşyklaryň petekleriň satuwy dowam edýär.  

«E» toparçasynyň çäginde guraljak duşuşyklar 30-njy noýabrda geçirilip, «Merw» «Rawşan» jübütiniň duşuşygy 17:00-da, «Altyn Asyr» bilen «Abdyş-Atanyň» oýny bolsa 21:00-da başlanar. Duşuşyklaryň ikisi hem paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçer.

Petekleriň bahasy — 30 manat. Ony «Aşgabat» köpugurly stadionynyň kassasyndan satyn alyp bilersiňiz! Kassa 08:00-dan 21:00-a çenli dynç günsüz işleýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 (12) 95-50-37.

Türkmen toparlarynyň duşuşyklaryna oýunlaryň geçýän ýerinde — «Aşgabat» köpugurly stadionynda janköýerlik edeliň!

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews