«Merw» AFK-nyň Kubogyndaky ilkinji duşuşygyny deňlikde jemledi

SalamNews

22 Sentýabr, 2023

Sanlyja minut mundan öň ýurdumyzyň «Merw» futbol topary AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn tapgyryndaky birinji duşuşygyny jemledi. Türkmen kluby myhmançylykda — Hisor Merkezi stadionynda Täjigistanyň «Rawşan» toparynyň garşysyna çykdy.

AFK-nyň Kubogynyň Merkezi zolagynyň «Е» toparçasyndaky duşuşyk deňlikde tamamlandy. Bu oýunda toparlaryň hiç biri hasaby açyp bilmedi — 0:0. Şeýlelikde, türkmen topary ilkinji utugyna eýe boldy.

Şu gün şol toparçanyň beýleki duşuşygynda ýurdumyzyň «Altyn Asyr» topary Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Atasy» bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ildeşlerimiz Bişkegiň Dolon Omurzakow adyndaky stadionynda geçirilen duşuşykda garşydaş topardan asgyn geldiler.

Türkmen toparlary AFK-nyň Kubogyndaky nobatdaky duşuşyklaryny 5-nji oktýabrda geçirerler. Paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçiriljek duşuşyklaryň birinde «Merw» «Abdyş-Atany», beýlekisinde bolsa «Altyn Asyr» «Rawşany» kabul eder.      

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews