Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde ilkinji täze okuw ýyly başlady

SalamNews

1 Sentýabr, 2023

Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde ilkinji täze okuw ýyly başlady. Şu gün – 1-nji sentýabrda ilkinji talyplar hünär mekdebiniň bosagasyndan ätlediler.

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ilkinji okuw jaňy we baýramçylyk dabarasy bu ýerde dabaraly ýagdaýda ýaňlandy.

Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde talyplaryň şepagat uýasy, laboratoriýa diagnostikasy, umumy lukmançylyk, fizioterapiýa we reabilitasiýa, akuşerçilik, ortopediki stomatologiýa ýaly hünärler boýunça bilim alyp başlajakdygyny bellemelidiris.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews