Lukmançylyk diplomatiýasy: Türkmen kompaniýalary halkara «Iran Health» sergisine çagyrylýar

SalamNews

25 Aprel, 2024

Türkmen telekeçileri sebitiň lukmançylyk pudagyndaky iň uly çäreleriň birine — her ýyl Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde geçirilýän halkara «Iran Health» sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.

Bu çäre lukmançylyk enjamlary, stomatologiýa, laboratoriýa tehnologiýasy, derman we lukmançylyk hyzmatlary ýaly ugurlarda işleýän kompaniýalaryň gazananlaryny we önümlerini görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri döreder.

«Iran Health» her ýyl müňlerçe kompaniýany we 25 000-den gowrak myhmany özüne çekýän sebitdäki ikinji iň uly sergidir. 1989-njy ýyldan bäri geçirilýän bu sergi bazaryň tendensiýalaryny seljermek we lukmançylyk ylymlary hem-de tehnologiýasy pudagynda innowasiýa pikirleri alyşmak üçin oňaýly we ýörgünli platforma öwrüldi.

2023-nji ýylda sergi 25 000 inedördül metrlik meýdanda guralyp, Eýrandan 500-den gowrak, Russiýa, Hytaý we beýleki ýurtlaryň bolsa 13-sinden 34 kompaniýanyň gatnaşmagynda geçirildi. Sergä lukmançylyk enjamlaryny üpjün edijiler, ulanyjylar, lukmanlar, gözleg laboratoriýalary we lukmançylyk merkezleri gatnaşýar.

Türkmen telekeçileriniň halkara «Iran Health» sergisine gatnaşmagy üçin gelip gowşan çakylyk işewür gatnaşyklary kämilleşdirmek, tejribe alyşmak ugurlarynda we dünýäniň lukmançylyk tehnologiýa bazarynda innowasion önümleri hödürlemek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews