Mbappe PSŽ ýeňiş getirdi

SalamNews

22 Aprel, 2023

Fransiýanyň çempionaty «Ligue 1-de» sanawyň lideri PSŽ myhmançylykda iň aşaky orunda barýan «Anže» topary bilen duşuşdy. Myhmanlaryň doly artykmaçlygynda geçen oýunda parižliler 2-1 hasabynda ýeňiş gazandylar. Kem-kemden çempionlyga barýan PSŽ-niň gollarynyň ikisini hem Kilian Mbappe geçirip, ol 9-njy we 26-njy minutlarda tapawutlandy. 1-nji goluň pasyny Bernat, 2-nji goluň pasyny-da Messi berdi. «Anže» toparynyň ýeke-täk goluny bolsa 87-nji minutda Sada Tiub derwezä girizdi. Şunlukda, PSŽ utugyny 75-e ýetirip, 2-nji ýerdäki häzirlikçe 1 oýny kem bolan «Marselden» 11 utuk öňde barýar. 14 utukda galan «Anže» toparynyň aşaky liga düşmegine bolsa az galdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews