Mbappe 300 gola Messi, Neýmar, Ronaldo dagydan çalt ýetdi

SalamNews

22 Noýabr, 2023

Dünýä futbolynyň esasy ýyldyzlaryndan fransiýaly Kilian Mbappe milli ýygyndysynyň Gibraltary 14-0 ýeňen duşuşygynda het-trik edipdi. Şeýlelikde, 24 ýaşyndaky ýyldyz oýunçynyň karýerasy boýunça geçiren gollarynyň sany 300-e ýetdi.

Ol şu wagta çenli klublarda – «Monako» bilen PSŽ-de 254, milli ýygyndyda-da 46 gol geçirdi. Dekabr aýynda 25 ýaşyny doldurjak ýyldyz oýuny bu görkeziji boýunça Lionel Messiden hem-de Kristiano Ronaldodan öňe saýlandy. Mbappe 25 ýaşyny doldurmazdan öň 300 gola ýeten bolsa, Messi bilen Neýmar 25 ýaşynda, Ronaldo 27 ýaşynda 300 gol geçiripdi.

Mbappe TF1 teleýaýlymyna duşuşykdan soň beren beýanatynda: – Bu işiň bir bölegi, karýerasynda 800, 850 gol geçiren futbolçylar bar. Şonuň üçin 300 gol az-owlak gülkünç bolýar. Klubda-da, milli toparda-da gowy netijeler gazanyp, öňe sary ynamly ädimler bilen dowam etmeli – diýip, beýanat berdi.  

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews