Mbappe toparyň düzüminden çykaryldy

SalamNews

22 Iyul, 2023

Her tomusda bolşy ýaly, PSŽ bilen Kilian Mbappeniň arasyndaky şertnama meselesi bu tomusda ýokary depginde dowam edýär.

Geçen tomusda kynlyk bilen 2+1 ýyllyk baglaşylan şertnamanyň möhleti geljek tomusda dolýar. Bu bolsa 180 million ýewro transfer edilen super ýyldyzyň kluba hiç hili pul gazandyrman başga bir topara, has takygy, «Real Madride» tölegsiz gitmegi diýmekdir.

Klubuň prezidenti Kilian Mbappe täze şertnama baradaky pikirini jemlemek üçin 2 hepdelik möhlet berdi. Şol möhletiň dolmagyndan soň, Mbappeden häzirlikçe jogap bolmady. Netijede, klub 24 ýaşyndaky super ýyldyzy Ýaponiýada geçirjek türgenleşik turnesiniň düzümine almady. Başgaça aýdylanda, Mbappe häzirlikçe toparyň düzüminden çykaryldy. Bu barada fransuzlaryň belli gazeti «L’Equipe» habar berýär.

Internet saýtlarynda çykan soňky habarlara görä, parižliler Mbappe täze şertnama — 10-11 ýyllyk, 1 milliard ýewrolyk şertnama teklip teklip etmekçi bolýardy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews