Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky oýny «Futbol» teleýaýlymy göni efirde görkezer

SalamNews

14 Iýun, 2023

Şu gün Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň «CAFA Nations Cup — 2023» ýaryşynyň «А» toparçasynda çykyş edýän Türkmenistanyň milli ýygyndy topary ikinji duşuşygyny geçirer. Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Özbegistanyň garşysyna geçirjek bu duşuşygyny Täjigistanyň «Futbol» teleýaýlymy göni efirde janköýerlere ýetirer. Bu barada ýaýlymyň resmi web-saýtynda aýdylýar.

Göni efirdäki görkeziliş şu gün — 14-nji iýunda Aşgabat wagty bilen 20:20-de başlanar. Duşuşyga 20:30-da badalga berler. Oýun Daşkendiň (Özbegistan) «Bunýodkor» stadionynda ýaýbaňlandyrylar.

Futbol janköýerleri bu teleýaýlyma IPTV ulgamy arkaly tomaşa edip bilerler.

Türkmen ýygyndysy üçünji oýnuny 17-nji iýunda Oman bilen geçirer. Duşuşyk şol gün 18:30-da başlanar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews