AFK-nyň Kubogy: «Rawşan» ― «Altyn Asyr» jübütiniň duşuşygy Gissarda däl-de, Duşenbede geçer

SalamNews

9 Dekabr, 2023

14-nji dekabrda AFK-nyň Kubogynyň toparçadaky böleginiň jemleýji — altynjy duşuşygy geçiriler. Ýurdumyzyň «Altyn Asyr» topary myhmançylykda Täjigistanyň «Rawşan» toparynyň garşysyna çykar.

Täjigistanyň Futbol federasiýasy AFK-nyň Kubogynyň altynjy tapgyryndaky «Rawşan» ― «Altyn Asyr» jübütiniň duşuşygynyň geçiriljek ýerini we başlanjak wagtyny futbol muşdaklaryna ýetirdi.

Şeýlelikde, «E» toparçasyndaky duşyşyk 14-nji dekabrda Duşenbe şäherindäki Merkezi Respublikan stadionynda geçiriler. Oýnuň başlanýandygyny yglan edýän jürlewük sesi sagat 19:00-da ýaňlanar.

Aslynda, bu duşuşygyň Gissar şäherinde geçirilmeginiň bellenendigini, emma stadionyň halkara derejeli duşuşygy kabul etmäge taýýar däldigi sebäpli oýnuň Duşenbe şäherine geçirilendigini ýatladýarys.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews