«Abdyş-Ata» — «Merw»: «Varzish» teleýaýlymynda göni ýaýlymda hödürlener

SalamNews

14 Dekabr, 2023

Şu gün ýurdumyzyň «Merw» futbol topary AFK-nyň Kubogy 2023/24-iň toparçalaýyn tapgyryndaky jemleýji duşuşygyny geçirýär. Türkmen kluby myhmançylykda Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» toparynyň garşysyna çykýar.

Bu duşuşyk Täjigistanyň «Varzish» teleýaýlymynda göni ýaýlymda futbol muşdaklaryna ýetiriler. Göni görkeziliş Aşgabat wagty bilen 14:50-de başlanar. «Varzish» teleýaýlymyna IPTV ulgamynda tomaşa edip bilersiňiz!

Toparçanyň beýleki duşuşygy ýurdumyzyň «Altyn Asyr» futbol topary bilen Täjigistanyň «Rawşanynyň» arasynda geçer.

Türkmen toparyna göni ýaýlymda janköýerlik edeliň! 

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews