«Denwer Naggets» toparyna 2 ýyldyzy ýeňiş getirdi

SalamNews

8 Iýun, 2023

Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da finalyň 3-nji duşuşygy oýnaldy.

Maýamide oýnalan bu oýunda «Denwer Naggets» topary ýer eýeleri «Maýami Hit» toparyndan 109:94 hasabynda üstün çykyp, umumy hasaby 2:1-e ýetirdi. Myhmanlaryň doly artykmaçlygynda geçen oýunda ýeňiş gazanan toparyň 2 ýyldyzy Jamal Marri bilen Nikola Ýokiç üstünlikli çykyş etdi. Iki ýyldyz hem duşuşygy triple-double görkezijiler bilen tamamladylar. Marri 34 utuk, 10 ribaund, 10 asist, Ýokiç bolsa 32 utuk 21 ribaund hem-de 10 asist görkezijiler bilen çykyş etdi. NBA-nyň finalynda 1 duşuşykda ilkinji gezek 2 basketbolçy 30-dan köp utuk geçirip, triple-double netije görkezdi.

«Maýami Hit» toparynda-da Jimmi Batleriň 28, Bam Adebaýonyň 22, Kaleb Martiniň 10 utugy ýeňşe ýeterlik bolmady.

Finalyň 4-nji duşuşygy 10-njy iýunda ýene-de «Maýami Hitiň» meýdançasynda oýnalar we duşuşyk Aşgabat wagty bilen daňdan 05:30-da başlanar.  

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews