Ilon Mask: «X» (Twitter) ýakyn wagtda tölegli bolup biler

SalamNews

Dünýäniň iň baý adamy Ilon Mask eýeçiligindäki sosial media platformasy «X» (öňki Twitter) ýakyn wagtda doly tölegli bolup biljekdigi barada aýtdy. Ýöne, bu mesele boýunça häzirki wagtda kompaniýanyň resmi beýanaty ýok.

Ilon Mask botlara ýa-da «awtomatlaşdyrylan» hasaplara garşy göreşmegiň ýeke-täk ýolunyň «X» üçin töleg ulgamyny ösdürmekdigini öňe sürdi. 

Ilon Mask: «Ulgamy ulanmak üçin aýda az mukdarda töleg görnüşine geçmegi meýilleşdirýäris» diýdi. 

«X»-niň eýesi, ABŞ-nyň Kaliforniýa şäherinde Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen bolan duşuşygynda bu barada aýtdy we Ysraýyly tehnologiýa pudagynda öňdebaryjy orny üçin öwgüli sözlerini ýetirdi.

Hünärmenler Maskyň oýlanyşyksyz beýanat berendigi ýa-da anyk maglumaty görkezendigi barada belli zat aýdyp bilmeýärler. Doly töleg görnüşine geçilip, abuna ýazylan halatynda «X» ulanyjylarynyň sany we mahabat girdejileri çalt azalmagy mümkin. «BBC» Maskyň sözlerinden soň has giňişleýin maglumat almak üçin «X» bilen habarlaşdy, ýöne kompaniýadan hiç hili beýanat berilmedi.

«Tesla» we «Space X» kompaniýalaryna hem eýeçilik edýän Mask geçen ýyl «Twitter-i» 44 milliard dollara satyn alypdy we birnäçe wagt mundan öň platformanyň adyny «X-a» üýtgedipdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews