Martines «Serie A»-da ýylyň futbolçysy, Inzagi ýylyň tälimçisi diýlip saýlandy

SalamNews

25 Maý, 2024

Italiýanyň çempionaty «Serie A»-da möwsümiň öňe saýlanan futbolçylary mälim edildi. Çempion «Inter» toparynyň argentinaly hüjümçisi Lautara Martines möwsümiň iň ökde futbolçysy diýlip saýlandy. Martines 24 gol bilen iň köp gol geçirenleriň sanawynda-da iň öňdäki orny eýeledi. Şeýle-de, «Ýuwentusyň» serbiýaly ýyldyzy Duşan Wlahowiç möwsümiň hüjümçisi, «Interiň» türkiýeli oýunçysy Hakan Çalhanoglu möwsümiň ýarymgoragçysy, «Interiň» ýerli oýunçylaryndan Alessandro Bastoni möwsümiň goragçysy, «Monza» toparynyň derwezesini goraýan Mikele Di Gregorio möwsümiň derwezeçisi diýlip saýlandy.

«Bolonýanyň» niderland hüjümçisi Joşua Zirkzee möwsümiň iň ökde ýaş oýunçysy baýragyna mynasyp boldy.

«Intere» 20-nji çempionlygyny gazandyran 48 ýaşyndaky Simona Inzagi bolsa möwsümiň iň ökde tälimçisi baýragy bilen sylaglandy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews