UEFA Super Kubogy duşuşygynda «Mançester Siti» «Sewilýany» ýeňdi

SalamNews

17 Awgust, 2023

UEFA Super Kubogy duşuşygynda «Mançester Siti» topary «Sewilýany» penaltileriň netijesinde ýeňlişe sezewar etdi. Gresiýanyň Pireý şäherindäki Karaikakis stadionynda oýnalan 48-nji UEFA Super Kubogy duşuşygyna fransiýaly Fransua Leteksie eminlik edip, duşuşyga 29 207 janköýer gatnaşdy.

Çekeleşikli geçen oýunda ilkinji bolup hasaby ispan kluby açdy. Oýnuň 25-nji minutynda Akunýanyň ajaýyp pasyndan soň ýokary böküp, topa kellesi bilen uran En-Nesiri ispan klubuny öňe geçirdi. Duşuşygyň 1-nji ýarymy şol hasap bilen tamamlandy.

2-nji ýaryma «Sewilýa» erjel başlasa-da, olara hasaby artyrmak başartmady. 49-njy minutda En-Nesiri örän amatly pursaty elden giderdi. Duşuşygyň 63-nji minutynda Rodriniň geçiren topuny kellesi bilen süsen Palmer hasaby deňledi. Galan minutlarda-da toparlara skorborddaky sanlary üýtgetmek başartmady.

Netijede, täze düzgüne görä, ýeňiji goşmaça wagt oýnalmazdan penalti urgulary arkaly kesgitlenildi. Penaltu urgularynda «Mançester Sitiniň» 5 futbolçysy-da ýalňyşmady. Ýagny Holannyň, Alwaresiň, Kowaçiçiň, Grilişiň, Wolkeriň urgulary takyk boldy. «Sewilýa»  toparynda ilkinji 4 urguny uran Okampos, Rafa Mir, Rakitiç, Montiel penaltini dürs ýerine ýetirdiler. 5-nji urguny uran Gudeliň penaltisi sütüne degdi. Şunlukda, «Mançester Siti» 5-4 hasabynda ýeňiş gazanyp, ilkinji gezek UEFA Super Kubogyny asmana göterdi. «Mançester Siti» bu kubogy gazanan 25-nji klub hökmünde hasaba alyndy. Ol 2013-nji ýyldan soň bu kubogy gazanan täze topar boldy. Şol sanda «Mançester Siti» UEFA Super Kubogyny gazanan 7-nji iňlis klubudyr. Bu toparyň taryhyndaky 33-nji kubok hökmünde bellige alyndy.

Toparyň tälimçisi Pep Guardiola 4-nji gezek UEFA Super Kubogyny gazanyp, Karlo Ançelottiniň rekordyna şärik boldy. Şol sanda ol bu kubogy 3 dürli klub bilen gazanan ilkinji tälimçi bolmagy başardy.

«Sewilýa» topary bolsa 6-njy gezek UEFA Super Kubogy duşuşygynda ýeňlişe sezewar boldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews