Bu gezek FA Kubogynyň finalynda «Mançester Ýunaýted» ýeňiş gazandy

SalamNews

27 Maý, 2024

Angliýanyň FA Kubogynyň finalynda Mançester şäheriniň 2 kluby – «Mançester Ýunaýted» bilen «Mançester Siti» duşuşdy. Londondaky «Wembley» stadionynda oýnalan duşuşyk çekeleşikli geçip, «Mançester Ýunaýted» ýeňşini baýram etdi. Geçen ýylky finalda «Mançester Siti» ýeňiş gazanypdy. Bu gezek «Mançester Ýunaýted» 2-1 hasabynda ýeňiş gazanyp, kubogy 13-nji gezek asmana göterdi. «Mançester Ýunaýtediň» gollarynyň 2-si hem 1-nji ýarymda derwezä girizilip, olary 30-njy minutda Garnaço bilen 39-njy minutda Mainu öz atlaryna ýazdyrdylar. «Mançester Sitiniň» ýeke-täk goluny bolsa 87-nji minutda Žeremi Doku derwezä gönükdirdi. Şunlukda, «Mançester Ýunaýted» 13-nji gezek FA Kubogyny gazanyp, bu ugurda «Arsenala» ýene bir ädim golaýlady. «Arsenal» 14 kubok bilen sanawda 1-nji orny eýeleýär. «Mançester Siti» 2013-nji ýyldan soň ilkinji gezek FA Kubogynyň finalynda utuldy.

Çempion bilen Kubogyň ýeňijisiniň arasyndaky Super Kubogy duşuşygynda «Mançester Siti» bilen «Mançester Ýunaýted» duşuşar. Duşuşyk 10-njy awgustda oýnalar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews