2024-nji ýylyň maýy Türkmenistanyň taryhynda iň çygly aýlaryň biri boldy

SalamNews

22 Maý, 2024

Birnäçe sebitdäki howa gözegçilik nokatlarynyň maglumatlary 2024-nji ýylyň maýynyň Türkmenistanyň taryhynda iň çygly aý bolandygyny tassyklady.

Maý Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda hem diýseň ýagynly boldy. 16 günüň dowamynda 90,4 mm ýagyş ýagdy. Munuň özi 4 aýlyk ýagyn ýa-da ýyllyk kadanyň 40 %-inden gowragy hasaplanýar. Maý ýagynynyň öňki rekordy 1978-nji ýylda goýlup, şonda ygalyň derejesi 85 mm ýetipdi. Aşgabatda şeýle howa gözegçilikleri 1891-nji ýyldan bäri geçirilýär.

Bu maý Baýramalyda hem iň çygly howa boldy. Şu güne çenli bu ýerde 67 mm ýagyş ýa-da adatdaky 6,7 aýlyk ygal düşdi. Ozal Baýramalyda iň çygly ýyl hökmünde 1965-nji ýyl bellige alnypdy. Şol ýyl bu ýerde 57 mm ygal düşüpdi. Bu ýerdäki howa gözegçilikleri 1889-njy ýylda başlandy.

8 — 10-njy we 14 — 16-njy maýda Türkmenistanyň birnäçe sebitinde güýçli ýagyş boldy. «Meteorologiýa» žurnalynyň habaryna görä, şol günler ygalyň iň uly bölegini düzen günler hasaplanýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews