Dünýäniň iň gowy konditer aşpezi saýlandy

SalamNews

2 Noýabr, 2023

Nina Meteýiň ady aşpezlik sungatynyň taryhyna ýazyldy. Ol dünýädäki iň oňat konditer aşpezi hökmünde ykrar edilen ilkinji aýal boldy.

Bu hormatly at, halkara çörek bişirijiler we konditer önümleri birleşigi (UBIC) tarapyndan Mýunhende geçirilen sergide fransuz zenanyna berildi.

Minnetdarlygyny bildirip, ol «Instagram»-da şeýle sözleri ýazdy:

«Bu möhüm günde, her gün ýoldaşlyk edýän hünärmenlere, meniň bilen işleýän höwesjeňlere has köp sag bolsun aýdýaryn».

Dünýädäki iň oňat konditer aşpezi bolmak üçin Nina kyn ýoldan geçmeli boldy. Bularyň hemmesi Pariždäki abraýly Ferrandi mekdebinden başlandy.

Nina: «Bu baýrak meniň üçin möhümdir, sebäbi karýeram çörek bişirmekden başlandy. Men Fransiýa wekilçilik edip, bütin dünýäde çörek bişirijileriň we konditer aşpezleriniň işiniň hilini ýokarlandyrmaga goşant goşýaryn» -diýdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews