LeBron Jeýmsiň «triple-double» görkezijisi ýeňşe ýetmedi

SalamNews

16 Noýabr, 2023

Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da «Los Anjeles Leýkers» öz meýdançasynda «Sakramento Kings» toparyndan 125:110 hasabynda asgyn geldi.

Duşuşykda super ýyldyz LeBron Jeýmsiň 28 utuk, 11 asist, 10 ribauntlyk – «triple-double» görkezijisi ýeňşe ýeterlik bolmady. Ol Jeýson Kidden öňe geçip, NBA-nyň taryhynda iň köp «triple-double» edenleriň arasynda 5-nji orna geçdi. Şeýle-de, «Leýkersden» D’Anjelo Rassell hem 28 utuk geçirdi.

Ýeňiş gazanan topardan Domantas Sabonis 29, De’Aaron Foks 28, Kewin Huerter 28 utuk geçirip, toparyň ýeňiş gazanmagynda esasy roly oýnadylar. «Sakramento Kings» bassyr 4-nji ýeňşini gazandy.

Ýannis Antetokunmponyň çykyş etmedik duşuşygynda «Milwaki Baks» myhmançylykda «Toronto Reptorsy» 16 utuk aratapawudy bilen 128:112 hasabynda ýeňdi.

Başa-baş giden duşuşykda «Çikago Bulls» öz meýdançasynda «Orlando Mäjikden» 94:96 hasaby bilen utuldy. «Waşington Wizards» öz meýdançasynda «Dallas Maweriksden» 117:130 hasaby bilen asgyn geldi.  

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews