«Los Anjeles Leýkers» – ilkinji çempion

SalamNews

11 Dekabr, 2023

NBA-da ilkinji gezek geçirilýän möwsümiçi bäsleşiginde çempion belli boldy.

Las Wegasdaky «T-Mobile Arenada» oýnalan finalda «Los Anjeles Leýkers» bilen «Indiana Peýsers» toparlary duşuşdy. Turuwbaşdan «Leýkersiň» üstünliginde geçen oýunda los anjelesliler 123:109 hasabynda ýeňiş gazanyp, ilkinji gezek geçirilýän ýaryşyň ilkinji çempiony boldy.

Duşuşykda Antoni Dewis 41 utuk, 20 ribaund, LeBron Jeýms 24 utuk, 11 ribaund Ostin Riwes 28 utuk, D’Anjelo Rassell 13 utuk geçirip, toparlarynyň ýeňiş gazanmagynda uly rol oýnadylar.

38 ýaşyndaky super ýyldyz LeBron Jeýms bäsleşigiň iň ökde oýunçysy (MVP) diýlip saýlandy. 

Ýeňiş gazanan toparyň oýunçylarynyň hersine 500 müň dollarlyk pul sowgady berildi. 2-nji ýeri eýelän toparyň oýunçylary bolsa 200 müň dollarlyk pul baýragy bilen sylaglandy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews