Döredijilik toparymyz «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwalynyň ýörite baýraklaryna mynasyp boldular

SalamNews

13 Dekabr, 2023

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwalyň Diplomy we Kubogy bilen sylaglandy. Şeýle hem teatryň artisti Ogulşat Jumaýewa «Ak gämi» sahna eserindäki «Nurgazynyň keşbini iň gowy ýerine ýetiriji» atly baýragyna mynasyp boldy.

7 — 12-nji dekabrda Bişkekde geçirilen «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwalynda teratr artistleriniň üstünlikli çykyş edendikleri barada ozal saýtymyzda habar beripdik. Türkmenistanyň adyndan wekilçilik eden döredijilik topary Gyrgyz Respublikasynyň halk ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» atly sahna eseri bilen çykyş etdiler.

Aktrisa Ogulşat Jumaýewa tarapyndan ýerine ýetirilen spektaklda Nurgazy atly oglanyň ykbaly barada gürrüň berilýär. Onuň janlandyran bu keşbi ýaş aktrisanyň ilkinji uly çykyşydygyna garamazdan, täsirli ýerine ýetirenligi üçin tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanylýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews