Wenada sirkden gaçan lamalar demir ýollaryna çykdylar

SalamNews

4 Iýun, 2023

Wenada sirkden gaçyp gaýdan lamalar demir ýollaryna gelip, otlularyň hereket etmegini togtatdylar.

Lamalar sebäpli şäher elektrik otlularynyň işlemeginde bökdençlik ýüze çykdy. Bu barada «Rambler» internet-portaly ýurduň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

Sirkden gaçyp gaýdan lamalary ele salmak üçin demir ýol kompaniýasynyň, polisiýanyň we sirkiň işgärleri bir ýere jemlendi. Ýeri gelende bellesek, adatdan daşary ýagdaýda hiç bir lama ýaralanmady. Häzirki wagtda haýwanlar sirke gaýtadan äkidildi. Indi olar howpsuz ýagdaýa saklanýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews