Mukama teşne ýürekleriň melhemi: Mäne Garaýewiň doglan gününe 75 ýyl

SalamNews

24 Mart, 2022

Şu gün Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk bagşysy Mäne Garaýewiň doglan gününiň 75 ýyllygy mynasybetli ýatlama konserti geçirildi.

Çäre Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy. Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň halk artistleri Akmyrat Çaryýewiň, Baýrammyrat Söýünowyň, Parahat Şyhymowyň, Kyýas Durdyýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Şadurdy Baýjykowyň, bagşylar Meýlis Goçmyradowyň we Baky Berdinazarowyň ýerine ýetirmeginde Mäne Garaýewiň ýüreklerde ýer eden aýdymlary ýaňlandy. Dabarada bagşynyň türkmen aýdym-saz sungatyna goşan saldamly goşandy, onuň ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlary barada onuň bilen egin deňläp bile aýdym aýdan halypa bagşylar we Mäne Garaýewiň bu günki gün halypalyga ýetişen şägirtleri uly tolgunma bilen gürrüň berdiler.

Mäne Garaýew hemişe şägirtlerine: «Köp depelenen laý çyn käse bolar. Bu dogaýy sözler bize Mylly agadan nesihat» diýip köp gaýtalar eken.

Ussadyň bize goýup giden çyn aýdymlary bu gün biziň ýüreklerimizde baky ýaşaýar. Onuň radioýaýlymlaryň arhiwlerinde saklanyp galan aýdymlary hem halkymyza yzygiderli ýetirilýär.

Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirilen bu ýatlama konserti ussat bagşynyň hatyrasynyň biziň günlerimizde belentden tutulýandygyna aýdyň subutnama boldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews