«Açyk gapylar» güni geçiriler

SalamNews

11 Aprel, 2023

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy 2023-2024-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde we 5-nji maýynda sagat 09:00-da geçiriljek «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, ýokary okuw mekdebinde taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülikleýin işler barada giňişleýin maglumatlar, şeýle hem «Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň muzeýi» bilen tanşyp bilerler.

Konserwatoriýanyň salgysy: Aşgabat şäheri, 1984-nji köçesiniň 22-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 92-28-85, 92-36-11.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews