Bir ýyldan soň «Premier Liga» dolandy

SalamNews

8 Aprel, 2023

Geçen möwsümde aşaky liga düşen «Börnli» kluby 1 ýyllyk arakesmeden soňra, ýene-de «Premier Liga» dolandy. «Mançester Sitiniň» ozalky goragçylaryndan Wensan Kompaniniň tälim berýän kluby Angliýanyň 2-nji ligasy bolan «Championshipiň» 40-njy tapgyrynda myhmançylykda «Middlsbro» toparyny Barns we Robertsiň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňdi. 39 oýunda 87 utuk toplan «Börnli» topary 2-nji ýerdäki «Şeffild Ýunaýtedden» 11, 3-nji orundaky «Lutondan» 19 utuk öňe saýlanyp, wagtyndan öň «Premier Liga» çykmagy başardy. «Börnli» topary soňky gezek 2017 — 2022-nji ýyllar aralygynda 6 möwsüm üznüksiz «Premier Ligada» çykyş edipdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews