Türkmenistanyň topary Duşenbede geçen diplomatik gulluklaryň futbol ýaryşynda ikinji orny eýeledi

SalamNews

7 Sentýabr, 2023

1 — 6-njy sentýabrda Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk gününiň (9-njy sentýabr) öňüsyrasynda Duşenbe şäherinde kiçi futbol boýunça Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň Kubogy ugrundaky ýaryş geçirildi. Bu barada Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.  

Ýaryşa Türkmenistan bilen Gazagystanyň ilçihanalarynyň bilelikdäki toparyndan başga-da, Eýranyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň hem-de Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň toparlary gatnaşdy.  

Şeýlelikde, Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň topary birinji orny eýeledi. Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň diplomatlaryndan düzülen topar ikinji orna mynasyp boldy. Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň topary üçünji orny eýelemegi başardy.

Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Sodik Imomi toparlara ministrligiň kubogyny hem-de Hormat hatlaryny gowşurdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews