«Dunaý — Orhan ýüpek ýoly» awtorallisi Türkmenistanyň çäginden geçdi

SalamNews

4 Sentýabr, 2023

31-nji awgust — 2-nji sentýabr aralygynda ýeňil awtoulaglaryň «Dunaý — Orhan ýüpek ýoly» atly awtorallisine gatnaşyjylar Türkmenistanda boldular.

Türkiýe Respublikasyndan badalga alan awtoralli ýurtlaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekde diýseň ähmiýetlidir. Şol sebäpden hem, awtorallä gatnaşyjylaryň ýurdumyzyň çäginden geçmekleri örän çuň many-mazmuny bilen tapawutlanýar.

Şeýlelikde, awtosportçular Aşgabat şäherinde güler ýüz bilen garşylandy. Olary resmi wekiller garşyladylar. Türgenler Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň çäginde ýerleşýän «Sport» myhmanhanasynda boldular. Soňra «Dunaý — Orhan ýüpek ýoly» atly ýeňil ulaglaryň awtorallisine gatnaşyjylar topary Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyna ugrady. Saparyň çäginde myhmanlar türkmen paýtagtynyň gözellikleridir ajaýyp ýerleri bilen tanyşdylar. Şondan soň awtorallä gatnaşyjylar paýtagtymyzdan nobatdaky ýol ugruna tarap ýola düşdüler. Ýeri gelende bellesek, awtorallä gatnaşyjylar topary Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynda boldy.

Günbatar bilen gündogary birleşdirýän awtoralliniň guralmagynyň baş maksady halklaryň arasynda dostlugy pugtalandyrmakdan hem-de Türkiýe bilen ýakyndan tanyşlygy ýaýbaňlandyrmakdan ybaratdyr.

«Dunaý — Orhan ýüpek ýoly» atly birinji awtorallä gatnaşyjylar umumy 11 müň kilometrlik menzili külterläp, ýörişi Mongoliýada jemlärler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews