Türkmen ýetginjekleri Buharada geçen halkara ýaryşda uly üstünlige ýetdiler

SalamNews

30 Oktýabr, 2023

Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde 2010-2012-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Mugallymlaryň we futbol halypalarynyň gününe bagyşlanan halkara futbol ýaryşy geçirildi. Halkara ýaryş goňşy döwletleriň futbol mekdepleriniň arasyndaky dostluk gatnaşygyny berkitmekde, çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda  futboly hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde diýseň ähmiýetli boldy.

Ýaryşa Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Täjigistanyň klublarynyň, futbol akademiýalaryň toparlary bilen birlikde, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryñ ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler  sport mekdebiniň hem-de Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň futbol toparlary gatnaşdylar.

2012-nji ýyl doglan ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşa 16 topar gatnaşdy. Netijede  Futbol boýunça GOÝÇÝSM-niň «Kuwwat-A» topary birinji, «Diýar-A» we paýtagtymyzyň 10-njy sport mekdebiniň «Batly-A» toparlary üçünji orunlary eýelediler. Türkmenistanly ýetginjekler Şamyrat Sähedow, Abdyrahman Mämmedow hem-de Perman Annaorazow dagy 2012-nji ýylda doglan türgenleriň arasynda iň ökde oýunçylaryň sanawyny bezediler.

2010-njy ýyl doglan ýetginjekleriň ýaryşyna 14 sany topar gatnaşdy. Netijede  Futbol boýunça GOÝÇÝSM-niň «Kuwwat-A» topary birinji, Aşgabat şäheriniň 10-njy sport mekdebiniň «Batly-A» topary ikinji, Futbol boýunça GOÝÇÝSM-niň «Kuwwat-B» topary bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Allanur Akperow, Orazguly Allamyradow hem-de Süleýman Muhyýew şu ýaş derejesindäki ýaryşyň ökde oýunçylary boldular.

Türkmen toparlarynyň bu ýaryşdaky ajaýyp netijeleri sportuň şu görnüşinden milli mekdebimiziň aýdyň gelejegini şertlendirýär. Şol sebäpden hem, biz halkara ýaryşda üstünlik gazanan ýetginjeklerimizi bu ajaýyp üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews