«Kolorado» 21 ýyldan soň finala çykdy

SalamNews

7 Iýun, 2022

Amerikanyň Milli hokkeý ligasy NHL-de Stenli Kubogynyň ilkinji finalçysy belli boldy.

Günbatar Konferensiýanyň finalynda «Edmonton Oýlers» toparyny 4-nji duşuşykda-da ýeňmegi başaran «Kolorado Ewelanş» topary NHL-iň finalyna adyny ýazdyrdy. 4-nji duşuşyk «Edmonton Oýlersiň» meýdançasynda, ýagny Kanadanyň Albert şäherinde geçirildi. Duşuşygyň esasy wagty 5:5 deňlikde tamamlandy. Owertaýmyň ilkinji minutlarynda Lehkonen hem oýna, hem-de final seriýasyna soňky nokady goýdy.

Şeýlelikde, 6:5 ýeňiş gazanan «Kolorado Ewelanş» topary umumy hasapda 4:0 öňe saýlanyp, finala çykdy. Mundan öňki 3 oýunda öz meýdançasynda 6:8 we 4:0, myhmançylykda-da 4:2 hasaplar bilen ýeňiş gazanypdy. Taryhynda 3-nji gezek finala çykan «Kolorado» topary mundan ozal, 1996-njy we 2001-nji ýyllarda finalda degişlilikde, «Floridany» (4:0) hem-de «Nýu Jersini» (4:3) ýeňip, Stenli Kubogyny 2 sapar eýeläpdi.

«Koloradonyň» finaldaky garşydaşy «Tampa Beý Laýtning» ýa-da «Nýu Ýork Reýnjers» topary bolar. Häzirki wagtda «Tampa» 2:1 öňde barýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews