21 ýyldan soň 3-nji çempionlygyny gazandy

SalamNews

27 Iýun, 2022

Amerikanyň Milli hokkeý ligasy NHL-de 105-nji möwsümiň çempiony belli boldy. Stenli Kubogy ugrundaky final duşuşyklarynyň 6-njysynda «Kolorado Ewalanş» myhmançylykda soňky çempion «Tampa Beý Laýtningi» 2:1 hasabynda ýeňip, umumy hasapda 4:2 öňe saýlandy we 21 ýyldan soň çempion diýen ady eýeledi.

Duşuşykda ýer eýeleri 3-nji minutda Stemkosyň goly bilen öňe saýlansa-da, soňlugy bilen, ýeňiş gazanan myhmanlar boldy. «Kolorado» toparyna ýeňiş hem-de çempionlyk getiren gollary 21-nji minutda Makkinnon bilen 32-nji minutda Lehkonen geçirdi.

Şeýlelikde, «Kolorado Ewalanş» topary 21 ýyldan soň 3-nji çempionlygyny gazandy. Denwer şäheriniň topary mundan ozal 1996-njy hem-de 2001-nji ýyllarda Stenli kubogyny eýeläpdi. «Kolorado» topary finala çykan ähli möwsüminde çempionlyk gazanan ýeke-täk NHL klubudyr.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews