Jemi gazylyp alnan duzuň umumy möçberi 57,5 müň tonnadan geçdi

SalamNews

22 Awgust, 2023

Türkmenbaşy etrabyndaky «Guwlyduz» kärhanasynda çykarylýan nahar we tehniki duzlar ata Watanymyzyň esasy tebigy baýlyklarynyň biridir. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň öňdebaryjy kärhanasy hasaplanýan bu kärhanada şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda jemi gazylyp alnan duzuň umumy möçberi 57,5 müň tonnadan geçdi — diýip, «Türkmenistan» gazeti ýazýar.

Bu görkeziji şu ýylyň ýedi aýy üçin göz öňünde tutulan tabşyrygyň 104 göterimden hem köp berjaý edilendiginden habar berýär.

Çig mal gorlarynyň mukdary 40 million tonnadan geçýän kärhanada nahar duzuny ýokary hil ülňülerine laýyklykda ýodlaşdyrmak sebitde birinji, dünýäde bolsa dördünji bolup ygtybarly ýola goýuldy.

Şu ýylyň 7 aýynda duzy ýörite gaplara gaplamak baradaky meýilnamalaryny hem 133 göterim ýerine ýetirmegiň hötdesinden geldiler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews