Kleopatra garaýagyzmy? «Netflix» kazyýete çekiler

SalamNews

22 Aprel, 2023

Müsürli aklawçy Mahmud al-Semari «Netflix» akym hyzmatyna garşy kazyýet işini gozgady. Aklawçynyň bu babatdaky maksady, baş keşbi garaýagyz aktrisa Adel Jeýmsiň ýerine ýetirýän Kleopatra hakyndaky mini-serialynyň ýurduň çäginde görkezilmegini gadagan etdirmekden ybarat. Bu barada ýerli «Egypt Independent» gazeti habar berýär.

Al-Semariniň pikirine görä, bütin dünýä ýaýran bu dokumental-fantastik treýler Müsüriň taryhyny ýoýýar. Şeýle hem, filmiň mazmunyndan Müsüriň bitewüligini ýok etmäge gönükdirilen afrosentrizmi aňmak bolýar.

Aklawçy öz gozgan kazyýet işinde platformanyň mazmunynyň aglaba tarapdan yslam hem jemgyýetçilik gymmatlyklaryna we ýörelgelerine, esasan-da müsür halkynyň milli ruhuna laýyk gelmeýändigini nygtaýar. Şol sebäpli-de al-Semari «Netflixi» ýurtda hemmetaraplaýyn gadagan etmegi teklip edýär.

«Şa zenany Kleopatra» filminiň treýleri 12-nji aprelde çykdy we derrew jemgyýetçilik media ulanyjylary tarapyndan tankyt edildi. Bu ýagdaý zerarly «YouTube» treýlere degişli teswirleri hem öçürdi.

Filmiň baş gahrymany hökmünde garaýagyz aktrisa Adel Jeýmsiň çykyş etmegi, Kleopatranyň afrikalydygy baradaky çaklama bilen baglanyşykly hasaplanýar. Filmiň režissýory Tina Garawi hem bu çaklama bilen ylalaşýar. Onuň pikiriçe, 1963-nji ýylda Kleopatra hakynda çykarylan filmde baş keşbi Elizabet Teýloryň ýerine ýetirmegi-de, Kleopatranyň akýagyzdan garaýagyza ýakyn bolandygynyň ähtimallygyny güýçlendirýär.

 

 

 

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews