«BYD» kompaniýasynyň dünýäniň elektroulaglar bazarynda Amerikanyň «Teslasyndan» hem öňe geçmegine garaşylýar

SalamNews

28 Dekabr, 2023

Ilon Mask bir gezek Hytaýyň «BYD» kompaniýasynyň «Tesla» bilen bäsdeş bolup biljekdigini ýaňsyly belläpdi. Indi bolsa «Bloomberg» tarapyndan berlen habarda milliarder Wan Çuanfunyň dolandyrýan awtoulag kompaniýasynyň elektroulaglarynyň bazarynda birinji orny eýelemäge taýýardygy habar berilýär.

Şeýlelikde, «BYD» ýakyn wagtda dünýäniň elektroulaglarynyň bazarynda amerikan kompaniýasy «Teslanyň» ornuny tutup biler. «Bloomberg» tarapyndan hödürlenýän çakalamalarda Hytaý awtoulag öndürijisiniň şu çärýekde öz önümleriniň satuwy boýunça Ilon Maskyň markasyndan öňe geçjekdigi aýdylýar.

Häzirlikçe «Tesla» girdeji we bazar maýasy ýaly görkezijilerde Hytaýyň kompaniýasyndan öňde barýar. Şeýle-de bolsa, seljerijiler 2024-nji ýylda kompaniýalaryň arasyndaky tapawudyň ep-esli azalmagyna garaşýarlar — «Teslanyň» satuwy 114 milliard dollar bolsa, «BYD» bu işden 112 milliard dollar gazanar.

Hytaý kompaniýasynyň esasy artykmaçlyklarynyň ýene biri-de onuň öz akkumulýatorlaryny hem öndürýändigi bilen baglydyr. Awtoulag biznesine girmezden ozal — 2000-nji ýyllaryň başynda «BYD» «Motorola» we «Nokia» telefonlary üçin  litiý-ion batareýalarynynyň üpjünçiligini alyp barýan ilkinji hytaý kompaniýasy boldy.

«Bloomberg» 2011-nji ýylda Maskdan «BYD» bilen bäsdeşlik hakynda soralandygyny ýatlatdy. Şonda Teslanyň başlygy gülüp: «Siz olaryň awtoulaglaryny gördüňizmi?» — diýip jogap beripdi. 2023-nji ýylyň ýazynda bolsa milliarder «BYD» tarapyndan öndürilýän ulaglaryň «bäsdeşlige diýseň ukyplydygyny» belledi.

Häzirki wagtda bolsa «BYD» «heniz eşidilmedik iň uly awtoulag brendi» hasaplanylýar. Muňa garamazdan, «Bloomberg» tarapyndan aýdylyşy ýaly, ýakyn wagtda kompaniýa täze şygar gerek bolup biler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews