Türkmen kinematograflary halkara kinofestiwalyna gatnaşmaga çagyrylýar

SalamNews

19 Sentýabr, 2023

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi erkin operatorlary, kinematograflary, kinostudiolary we isleg bildirýän beýleki taraplary Arkadag şäherinde geçiriljek «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyna gatnaşmaga çagyrýar.

Kinofestiwala erkin temalar boýunça surata düşürilen gysga göwrümli wideoýazgylar, çeper filmler kabul edilýär. Bäsleşige hödürlenjek işleri awtoryň şahsy maglumatlary bilen bilelikde Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigine tabşyrmaly.

Ýeri gelende ýatlatsak, «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal Arkadag şäherinde 14-15-nji oktýabrda geçiriler. Oňa Merkezi Merkezi Aziýa döwletleriniň kino ussatlary gatnaşarlar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews