«Salam» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine gatnaşýar

SalamNews

«Salam» hojalyk jemgyýeti şu gün — 4-nji aprelde açylan Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine gatnaşýar.

Hojalyk jemgyýeti ähli taraplary sergide hödürleýän hyzmatlary bilen ýakyndan tanyşmaga çagyrýar. Sergi diwarlygynda hojalyk jemgyýetiniň maglumat tehnologiýalary we programma üpjünçiligi boýunça hödürleýän döwrebap çözgütlerini ýakyndan synlamak mümkin.

Pawilionda IT hünärmenleriniň taýýarlan web saýtlary, mobil goşundylary we beýleki sanly programma üpjünçilikleri barada giňişleýin maglumat berilýär. Olaryň hatarynda 2022-nji ýylda ulanyşa girizilen «Salam» messenjer ykjam goşundysy hem bar. Bu messenjer arkaly ulanyjylar ikiçäk we toparlaýyn esasda habarnamalary, audio we wideo ýazgylary alşyp bilerler. Ulanyjylar android we iOS ulgamlarynda elýeterli bolan messenjer arkaly filmlere, wideoýazgylara tomaşa edip, aýdym-sazlary diňläp, dürli elektron eserleri okamaga mümkinçilik taparlar.

Bu ýerde «SalamNews» habarlar portalynyň işi hem giňişleýin şöhlelendirilýär. Geçen ýylyň mart aýynda açylandygyna garamazdan, habarlar portaly gysga wagtyň içinde ýurdumyzdaky we dünýädäki habarlary gyzgyny bilen okyjylara ýetirýän köpçüligiň söýgüli habar beriş serişdesine öwrüldi.

IT bölümimiz hem-de «SalamNews» bilen tanyşdyrýan diwarlygymyzy synlamak isleýänleri sergä çagyrýarys.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews