Hywa 2024-nji ýylda yslam dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty bolar

SalamNews

2 Iyul, 2022

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (OIC) Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen 11-nji mejlisinde Hywany 2024-nji ýylda Yslam dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty diýip yglan etmek kararyna gelindi. Bu barada Özbegistanyň Syýahatçylyk we medeni miras ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Yslam dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty diýen ada eýe bolmaga Hywadan başga dört şäher dalaş etdi: olar Abu Dabi (Birleşen Arap Emirlikleri), Sanliurfa (Türkiýe), Lagos (Nigeriýa) we Duşenbe (Täjigistan).

Bu habarda nygtalyşy ýaly, şol ýylyň dowamynda Hywa şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 57 agza döwletiniň syýahatçylyk ministrleriniň we syýahatçylyk düzümleriniň ýolbaşçylarynyň maslahatlaryny, konferensiýalary, seminarlary, surat sergilerini we beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews