Zawoddan işden çykarylandan soň, ýyldyz boldy

SalamNews

4 Iyul, 2022

Senegal milletinden gelip çykan, «Habi» lakamly italýan blogeri Habane «TikTok-da» iň meşhur adam boldy. Geçen hepde onuň sahypasyna ýazylanlaryň sany 142,6 million adama ýetdi.

Habi Leým maşgalasy bilen 2001-nji ýylda Italiýa göçüp gelýär. Ol orta mekdebi tamamlaýança Turin prowinsiýasynyň Kiwasso kommunasynda (ýaşaýyş jaý toplumynda) ýaşaýar. Şäher ösen senagaty bilen meşhur bolup, Habi ähli synpdaşlary bilen orta mekdebi gutaryp, zawoda işe ýerleşýär.

Ýöne 2020-nji ýylda pandemiýanyň başlanmagy bilen, ol işden boşadylýar. Şol pursatdan başlap onuň durmuşy hemişelik üýtgeýär. Ene-atasynyň öýüne gaýdyp gelip, ol erkek dogany bilen bilelikde bir otagda ýaşaýar. Leým, köplenç, özüniň hem gyzyklanyp görýändigi üçin «TikTokda» akkaundyny döretmek barada netijä gelýär.

Habiniň «TikTokda» wirus ýaly ýaýran birinji roligi 2020-nji ýylyň noýabrynda çykýar. Häzirki wagtda ol 3,7 million gezek görüldi. Birinji roliginde Habi bir gyzyň aýagynyň tigriň gulpuna daňlandygy sebäpli ony aýryp bilmän durşuny ýaňsylap, şeýle ýagdaýda diňe köwşüni çykarmagyň ýeterlikdigini görkezýär.

Hereket we mimika onuň esasy utuşydyr

Habiniň esasy artykmaçlygy onuň hereketleri hasaplanýar. Ol elleri bilen toslanyp tapylan kynçylyklary sada we ýönekeýje çözmegiň usullaryny görkezýär.

«Esasy zat hereket we mimikadyr. Olar hemmä düşnükli bolup, adamlary güldürýär» diýip, blogeriň özi «The New Times-da» boýun alýar.

Girdejiler we hyzmatdaşlyk

Habi özüniň maliýe girdejileri barada aýtmaýar, ýöne «Influncer Marketing Hub» 22 ýaşly blogeriň her bir posty üçin 60000-den 100000-e çenli amerikan dollaryny alýandygy barada habar berýär.

Leýmden, köplenç, jynsparazlyk barada soraýarlar. Bloger bu barada çykyş etmek islemeýär, gürrüňdeşlige-de goşulmaýar. Ol diňe adamlary güldürmek isleýändigini we aktiwist däldigini aýdýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews