Türkmen wekillerine halkara «Suratkeşleriň döredijilik duşuşygynyň» diplomlary gowşuryldy

SalamNews

26 Sentýabr, 2023

10 — 20-nji sentýabr aralygynda Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan guralan «Suratkeşleriň döredijilik duşuşygy» üstünlikli tamamlandy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu döredijilik duşuşygyna Türkmenistandan iki suratkeş: Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Azat Annaýew hem-de Mary welaýatynyň Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň nakgaş mugallymy Allaberdi Öwezdurdyýew gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Gülnara Kurbanmuhammedowanyň habar bermegine görä, döredijilik duşuşygynyň dowamynda suratkeşler Azerbaýjanyň Milli Haly muzeýine, Azerbaýjanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýine, Baku şäheriniň Häzirki zaman sungaty muzeýine, «Gobustan» taryhy-medeni goraghanasyna we «Gobustan» muzeýine, «Gala» taryhy-medeni goraghanasyna, Kindiwan kitaplar muzeýine, «Içeri şäher» taryhy-medeni goraghanasyna aýlanyp gördüler. Döredijilik ussatlary bu ýerlerde ýurduň taryhy, medeniýeti we sungaty bilen içgin tanyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Azerbaýjanyň Milli Konserwatoriýasynda Halkara döredijilik çäresine gatnaşan suratkeşlere dabaraly ýagdaýda Diplomlar gowşuryldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews