West kürsüden ýüz öwürdi

SalamNews

22 Aprel, 2023

«Daily Beast» internet neşiriniň berýän habaryna görä, reper Kanýe West 2024-nji ýylda Amerikada geçiriljek Prezident saýlawlaryna dalaşgärlikden ýüz öwürdi. Ol mundak beýläk bar ünsüni maşgalasyna, «Donda Academy» hususy mekdebine we döredijiligine gönükdirmek isleýär.

Reper 2023-nji ýylyň başynda Býanka Senzori bilen durmuş gurandan soňra, özüniň Prezident bolmak höwesini ýitirdi. Üstesine-de, onuň kandidaturasyny öňe sürýän syýasatçylar Nikolas Fuentes, Ali Aleksandr we Milo Ýannopulos dagyda ýüze çykan dawa olaryň aralaryna tow düşürdi.

Kanýe Westiň dokumental film bilen baglanyşykly meýilnamasy-da başa barmady. 2022-nji ýylyň noýabr aýynda film üçin hakyna tutulan prodýuser Adam Kamaço taslamanyň entek önümçilige başlamandygyny mälim etdi. Kamaçonyň sözlerinden çen tutsaň, ol fewral aýynda reper bilen habarlaşmaga synanyşypdyr we gijirägem bolsa şeýleräk jogap alypdyr:

— Häzirki wagtda men öz durmuşymy ýaşamak bilen meşgul. Meniň bar aladam — hususy mekdebim, aýalym we çagalarym, bolany! Meni öz günüme goýuň!

Kamaço bu jogaby beren hem bolsa, reper şertnamany uzaltmak üçin oňa pul geçiripdir. Ýöne taslama heniz hem hereketsiz ýatyr.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews