Howa maglumaty: Bu hepde ýagşyň ýagmagyna garaşylýar

SalamNews

20 Noýabr, 2023

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty:

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +7... +12 gradusdan +12... +17 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +26... +31 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +20... +25 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +6... +11 gradusdan +12... +17 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +13... +18 gradusdan +26... +31 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 14 — 19 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +5... +10 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +12... +17 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +3... +8 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +12... +17 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2... +7 gradusdan +10... +15 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +14 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl bolar.

Paýtagtymyz Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +6... +8 gradusdan +13... +15 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +14... +16 gradusdan +27... +29 gradus aralygynda maýyl bolar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews