«SalamNews» «Maksada okgunly» hususy kärhanasy hakynda gepleşigi size hödürleýär

SalamNews

12 Awgust, 2023

Ýakynda «SalamNews-yň» döredijilik topary «Daşkent» dynç alyş seýilgähinde ýerleşýän restoranda «Maksada okgunly» hususy kärhanasynyň iş dolandyryjysy Maksat Ibragimow bilen söhbetdeşlik gurady.

Işewürlige bagyşlanan söhbetdeşlikde «Maksada okgunly» hususy kärhanasynyň işi guraýşy we alyp barşy, ilkinji gadamlary, öndürýän azyklyk harytlary, hindi towugyndan taýýarlanylýan şöhlat we büzmeç önümleri dogrusynda beýan edildi. Şeýle-de onda Maksat Ibragimow hindi towugyndan çalt taýýarlanylýan naharlary taýýarlap görkezdi.

Gepleşige dolulygyna şu gün — 12-nji awgustda sagat 19:00-dan soňra, «SalamNews» web-saýtynyň «Media» bölüminde we «Salam, Turkmenistan!» «YouTube» kanalynda tomaşa edip bilersiňiz.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews