Ekzotiki ýaşyl totyguşlar Aşgabatda nähili gyşlaýarlar?

SalamNews

8 Ýanwar, 2024

Aleksandriýanyň ýaşyl totyguşlary Aşgabatdaky ýaşaýan ýerlerini giňeltmegi dowam etdirýärler. Bu guş türkmen paýtagtynda köpden bäri görünýär. Soňky wagtlarda şäheriň merkezi etraplarynda olaryň kepderi sürisine goşulan 5-10 totyguşdan ybarat toplumyny görmek bolýar. Şundan ugur alyp, biz bu ekzotik guşlaryň howamyza gowy uýgunlaşandyklaryny ynamly aýdyp bileris.

Ine, golaýda bolsa «SalamNews» saýtynyň habarçysy paýtagtymyzdaky 7-nji orta mekdebiň çäginde bu totyguşlary surata düşürmegi başardy. Süride uly totyguşlaryň bäşisi bardy. Biz bu waka säher çagy gabat geldik, şol sebepden hem, totyguşlaryň «maşgala ertirligine» jemlenendigini çaklap boljakdy. Nar agajynyň üstünde ornaşan guşlar şahalarda galan miwelerden iýýärdiler.  

Elbetde, bu guşlar adamlaryň has ýakynlaşmagyny halamaýarlar. Şonuň üçin hem, biz olary bary-ýogy birnäçe gezek surata düşürip bildik. Eger totyguşlar has-da eldeki hem-de ýumşak guşlar bolan bolsa olaryň kepderiler hem «ýakyn dost» boljakdygy şübhesiz.

Häzir gyş paslynyň höküm sürýändigine garamazdan, Türkmenistanda howa ýumşak we güneşli bolup, munuň totyguşlara özlerini has-da rahat duýmaga mümkinçilik berýändigini bellemelidiris. Şol sebäpden hem, ajaýyp howadan lezzet alýan totyguşlar batyrgaýlyk bilen agaçlaryň birinden beýlekisine böküp geçýärler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews