Güýzde dünýä ilatynyň 8 milliarda ýetmegine garaşylýar

SalamNews

12 Iyul, 2022

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň «Bütindünýä ilatynyň ösüşi — 2022» sanawyna görä, 2022-nji ýylyň 15-nji noýabrynda dünýä ilatynyň 8 milliarda ýetmegine garaşylýar. Bu bolsa planetamyzdaky adamlaryň sanynyň çalt ösmeginde ýene bir möhüm ädim bolar.

Mundan ozal, guramanyň resmi web-saýtynda çykarylan hasabata görä, dünýäniň ilatynyň 7 milliard 954 milliona deň bolandygyny size habar beripdik.

«Dünýä ilatynyň ösüşi — 2022» hasabatyndaky möhüm maglumatlar:

  • Çaklamalara görä, dünýäniň ilatynyň 2080-nji ýyllarda 10,4 milliarda ýetip, 2100-nji ýyla çenli şol derejede saklanmagyna garaşylýar.

  • Dünýäniň ilatynyň sany 7 milliarddan 8 milliarda 12 ýylyň içinde ýetdi. Ýeri gelende bellesek, dünýä ilatynyň sanynyň 6 milliarddan 7 milliarda hem şol bir wagtda ýetipdi. Muňa garamazdan, ilatyň ýene-de 1 milliard köpelmegi üçin 14,5 ýyl gerek bolup biler.

  • Dünýäniň ilatynyň 8 milliarda ýetmeginde Aziýa sebitindäki demografik ösüşiň paýy uludyr. Bu ugurda ikinji uly goşant Afrika degişlidir.

  • Afrika bilen Aziýa 2037-nji ýyla çenli dünýäniň ilatynyň ýene-de 1 milliard köpelmeginde öňdebaryjy orun eýelär.

  • Dünýäde adamlaryň ömrüniň dowamlylygy 2019-njy ýylda 72,8 ýaşa ýetdi. Bu görkeziji 1990-njy ýyldan bäri, takmynan, 9 ýyl artypdyr. Emma 2021-nji ýylda iň ösen ýurtlarda hem ömür dowamlylygy 7 ýyl peselipdir.

BMG-niň Ilat gaznasynyň maglumatyna görä, ähli ilatyň 25 göterimini 14 ýaşa çenli çagalar düzýär. 15 ýaşdan 64 ýaş aralygyndakylar bolsa ähli ilatyň 65 göterimini düzýär. 65 ýaşdan ulular bolsa dünýä ilatynyň 10 göterimine deňdir.

Şeýle hem erkekler üçin ortaça ýaş 71 ýaş, aýallar üçin bolsa 76 ýaşdyr. Guramanyň berýän çaklamasyna görä, dünýäniň ilaty 2020 — 2025-nji ýyllar aralygynda her ýyl ortaça 1 göterim artar.

Iň köp ilatly ýurtlardan 1 milliard 448 million ilaty bilen Hytaý 1-nji ýerde, ondan sähel az, ýagny 1 milliard 406 million ilaty bilen Hindistan 2-nji orunda gelýär.

Guramanyň berýän maglumatyna görä, Türkmenistanyň ilaty 6,2 milliona deňdir. Umumy ilatyň 31 göterimini bolsa 14 ýaşa çenli çagalar düzüp, ortaça ýaş erkekler üçin 65, aýallar üçin bolsa 72 ýaşdyr.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews