«Pyragy» atly täze şrift döredildi

SalamNews

15 Fewral, 2023

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Belli Creative» studiýasy tarapyndan täze «Pyragy» şrifti döredildi — diýip, turkmenmetbugat.gov.tm saýty ýazýar.

Ol displeý görnüşli şrift (ýazuw şekili) bolup, ony diňe adaty ýazgylarda däl-de, sözbaşylarda we beýleki aýratyn ýazgylarda ulanyp bolýar. Studiýa täze şrifti taýýarlamak üçin 3 aý çemesi wagt sarp etdi.

«Pyragy» şrifti myfonts.com platformasyna ýerleşdirildi. Islendik ulanyjy ony şol salgynyň üsti bilen ýükläp alyp, öz kompýuterine gurnap, ulanyp biler. Ony 9 amerikan dollary möçberinde töleg geçirip, ýükläp almak mümkin.

Ýeri gelende bellesek, studiýa tarapyndan ozal «Aşgabat2017», «Garagum» taýp feýsler işlenip taýýarlanypdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews