Jay-Z bilen Beýonse Kaliforniýada iň gymmat jaýy satyn aldylar

SalamNews

22 Maý, 2023

Jaýyň bahasy 200 million dollara deň.

«TMZ» web sahypasyna salgylanýan «Buro» žurnalynyň habar bermegine görä, Beýonse we Jay-Z Malibudaky ullakan jaýy satyn aldylar. Onuň bahasy 200 million dollar — bu rekord baha olary Kaliforniýa ştatyndaky iň gymmat gozgalmaýan emlägiň eýesi etdi.

Neşiriň habar bermegine görä, jaý ilkibaşda 295 million dollara bahalandyrylypdyr. Bina ýapon arhitektory Tadao Andonyň taslamasy bilen Beýonse bilen Jay-Z-den öň jaýa eýelik eden Uilýam Beliň sargydy esasynda gurlupdyr.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews