GDA-nyň synçylar topary welaýatlarda saýlawlara taýýarlyk işleri bilen tanyşýar

SalamNews

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň şu ýylyň 26-njy martynda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk görmek işi dowam edýär. Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň çakylygy boýunça GDA-dan synçylar topary 8-nji martda öz işine başlady. Häzirki wagtda topary düzmek işi dowam edýär.

Şu günler toparyň agzalary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şu gezekki jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görlüşine we geçirilişine syn etmek üçin ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparlaryny amala aşyrýarlar. Olar eýýäm Daşoguz welaýatynda bolup, okrug saýlaw toparlarynda duşuşyklary geçirdiler, saýlaw möwsüminiň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar, Daşoguz şäherinde we Köneürgenç etrabynda birnäçe saýlaw uçastoklaryna baryp gördüler. Umuman, toparyň wekilleri saýlaw toparlarynyň agzalarynyň taýýarlyk derejesine we saýlaw uçastoklarynyň enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha berdiler.

Mundan başga-da, halkara synçylar üçin medeni maksatnama taýýarlandy. Olar Aşgabadyň gözel künjeklerine, muzeýlerine, «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärliklere baryp gördüler.

Häzirki wagtda ähli ýerlerde dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär. Olaryň dowamynda dalaşgärler saýlawçylary özleriniň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary bilen tanyşdyrýarlar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews